SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan: “Sputnik V” synag edilýär, «EpiWakKorona» öwrenilýär

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak babatda degişli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Häzirki wagtda «Sputnik V» sanjymynyň synag işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu barada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzda keselleriň öňüni almak hem-de olary ýok etmek baradaky maksatnamalaýyn işler barada durlup geçildi.

“EPIWAKKORONA” WE BEÝLEKI SANJYMLAR ÖWRENILÝÄR

Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň Türkmenistanda bellige alnan «Sputnik V» sanjymy barada durup geçip, bu işleriň, ýagny ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak, şeýle hem keselleri zyýansyzlandyrmak ugrunda öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen baglylykda işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz bu babatda Russiýa Federasiýasynda işlenilýän nobatdaky «EpiWakKorona» diýen täze sanjymyny, şeýle hem beýleki hyzmatdaşlar ýurtlar tarapyndan işlenip taýýarlanylýan degişli öňüni alyş sanjymlaryny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etdirmek babatda ministre birnäçe tabşyryklar berdi.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Özbegistan Bahreýn, Kuweýt we Oman üçin wizany ýatyrýar

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

Aşgabat-Balkanabat, Türkmenabat-Balkanabat, Mary-Balkanabat we Daşoguz-Balkanabat gatnawlary ýola goýulýar

Türkiýä 3 aýda syýahatçylyk pudagyndan 9,5 milliard dollar girdeji gazandy