JEMGYÝET

Howa maglumaty: hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiya baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Şol maglumat “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8-13 metrden 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… -8 gradus sowukdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15…+20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7… +12 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demir­gazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5… -10 gradus sowukdan +4 +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0… -5 gradus sowukdan +18…+23 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tiz­ligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -6… -11 gradus sowukdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -4…+1 gradusdan +18… +23 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bu­lutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündo­gardan demirgazyk-günbatara ugruny üýt­gedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -6… -11 gradus sowukdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0…-5 gradus sowukdan +17… +22 gradus ara­lygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -8… -13 gradus sowukdan -1… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1… -6 gradus sowukdan +8… +13 gradus araly gynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýt­gedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5… -7 gradus sowukdan +3… +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1… -3 gradus sowukdan +17… +19 gradus aralygynda maýyl bolar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar