JEMGYÝET

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenler 2-nji we 3-nji orunda barýar

Russiýadan Mongoliýa uzalyp gidýän «Ýüpek ýoly» halkara rallisine gatnaşýan türkmen türgenleri özleriniň ynamly çykyşlaryny dowam etdirýärler. 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanjak ýaryşyň 7-nji tapgyry geçirildi.

«Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň 7-nji tapgyry Mongoliýanyň gadymy şäherlerinden biri bolan Howd şäherinden Altaýa çenli dowam etdi. Bu tapgyryň araçägi 512,44 kilometre deň boldy. Bu aralykdaky ýoluň 65% gaty gaýaly ýer, 25% ýiti daşly ýollar, 10% açyk çägeli ýerlerden ybarat boldy.

2022-nji ýylda T2 görnüşi boýunça çempion bolan türkmenistanly doganlar Şöhrat we Merdan Toýlyýewler şu gezekki ýaryşda-da yzda galan 6 tapgyrdan soň öňdebaryjylaryň hatarynda barýar.

Halkara ralli ýaryşynyň resmi saýtyndaky habarlara görä, T2 ýaryşynda umumy hasapda Andreý Suşensow öňde barýan bolsa, olardan soňra ikinji orny Şöhrat we Merdan Toýlyýewler eýeleýärler. Bu ýaryşda 3-nji orunda bolsa, ýene-de bir türkmen türgeni Maksatmyrat Daňatarow barýar.

Related posts

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awaza geldi

Kuveyt ziyareti yarın başlıyor

vepa

Adam atlarynyň manysy 9-njy fewral

Ata Watan Eserleri