BIZNES

2021-nji ýyldaky Dünýä ykdysady maslahaty Singapurda geçiriler

Dünýä ykdysady maslahatynyň 2021-nji ýyldaky geçiriljek ýeri belli boldy. «Reuters» agentligi maslahatyň Singapurda geçiriljekdigini habar berdi. Agentlik habarynda maslahatyň prezidenti Borge Brendeniň aýdanlaryna esaslanýar.

«Ýerine ýetiriji komitet 2021-nji ýyldaky maslahaty Singapura göçürmek kararyna geldi. Bu möhüm karar maslahatyň ýokary derejede geçmeginiň binýady bolar» diýip habarda aýdylýar.

Agentligiň ýazmagyna görä, Singapurdaky Dünýä ykdysady maslahaty 13 ― 16-njy maý günlerinde geçiriler.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Related posts

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp galýar

Makul Hyzmat Tercüme Merkezi Yeni ofisine taşındı

vepa

Birža söwdalarynda türkmen nebithimiýa önümleri we oba hojalyk harytlary daşary ýurt bazarlaryna çykaryldy