DÜNÝÄ

Migrasıýa Boýunça Okuw Maslahaty

2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň “Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda migrantlaryň we jemgyýetleriň durmuş-ykdysady ýagdaýyna COVID-19 pandemiýasynyň täsirini peseltmek” atly taslamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda migrasiýa babatda statistiki hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi diýlip Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň web saýtynda aýdylýar. Habarda bellenişine görä,  Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw maslahatyna degişli döwlet edaralary bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Okuw maslahatyň barşynda, häzirki wagtda global wehime öwrülen COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, migrasiýa bilen bagly statistiki hasaba alyş ulgamyny ulanmaklygyň we onuň migrasiýa akymlarynyň depginini seljermekdäki ähmiýeti bilen tanyşdyryldy.

Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar özara we abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyda saparda bolar