TESWIRLER

Žurnalistikanyň žanrlarynyň taryhy pursatlary

Her bir käriň, hünäriň öz tapawutly taraplary bar. Şol bir wagtyň özünde her bir keşbiň biziň durmuşymyz bilen baglanyşygynyň bardygyny bellemek gerek. Biz  žurnalist hökmünde bu keşbiň türkmeniň gündelik durmuşyndan asla üzňe däldigi hakyndaky pikiri öňe sürmek isleýäris. Bu ýerde ilki bilen Türkmenistanda ilkinji gazetleriň XIX asyryň ahyrlarynda çykyp başlandygyny, emma döwürleýin metbugatyň diňe XX asyryň ikinji onýyllygynda yzygiderli çap edilip ugralandygyny ýatlatmak isledik. Ýöne munuň özi žurnalistikanyň diňe geçen asyrda türkmen durmuşyna doly aralaşandygyny aňlatmaýar. Munuň özi şoňa çenli biziň durmuşymyzda informasiýa çeşmeleri bolup nämeleriň hyzmat edendiginiň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Müsür piramidalaryndan başlap, gaýalaryň ýüzündäki şu günki güne çenli saklanyp galan ýazgylardyr suratlara çenli ähli zatda informasiýa çeşmesini görmek bolýar. Fransiýadaky Lasko  gowagynyň üstüniň tötänlikde mekdep okuwçylary tarapyndan açylanyna 70 ýyldan gowrak wagt geçdi. Onuň esasy gymmatly tarapy şol gowagyň iç ýüzündäki „diwarlarda“ gadymy döwürlerde ýaşan adamlaryň durmuşyndan gürrüň berýän dürli şekilleriň barlygyndadyr. Speleologlar gowaklary öwrenmek bilen gadymy medeniýetler baradaky maglumatlary-da adamlara elýeterli edýärler. Çünki gaýalardaky suratlary synlap, gadymyýetde adamlaryň haýwanlary awlamak bilen güzeran görendiklerini kesgitleýäris. Guşlaryň şekilleri bolsa olaryňam gadymy adamlaryň durmuşynda orun alandygyny habar berýär. Şol şekiller žurnalistikanyň entek nämediginiň bilinmeýän mahaly hem adamlaryň dürli usullar bilen öz durmuşlarynyň dürli taraplaryny beýan edendiklerini görkezýär. Gündelik neşirleriň, umuman döwürleýin neşirleriň biziň durmuşymyzda bolup geçýän wakalary şöhlelendirýändiklerini nazara alsak, munuň özi gowaklardaky şekiller ilkinji diwar gazetleri hökmünde häsiýetlendirmäge esas berýär.

Interwýu žanry barada gysgaça düşünje

Žurnalistikanyň žanrlaryna çuňdan aralaşman, ýüzleýje seredeniňde hem olaryň biziň gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapandygyny görýäris. Dünýäde iň giňden ýaýran we köp ulanylýan žanrlaryň biri interwýu hasaplanýar. Öz sahypalarynda interwýu çap etmeýän gazeti, žurnaly, elektron neşiri tapmak mümkin däl. Onsoňam, onuň öz görnüşi boýunça beýleki žanrlardan üzül-kesil tapawutlanýandygy bolsa interwýu barada her bir adamda düşünjäniň bolmagyna mümkinçilik berýär. Onuň görnüşleri hem birnäçe ugra bölünýär. Esasan, interwýu dialog we interwýu-monolog žurnalistler tarapyndan köp ulanylýar. Adyndan görnüşi ýaly dialog iki adamyň arasyndaky söhbetdeşlik, monologda bolsa diňe söhbetdeşlik guralýan adamyň özi gürleýär. Tegelek stoluň başyndaky söhbetlerde hem birnäçe adam belli bir tema boýunça pikir alyşýar.

Gündelik durmuşdan mysal getirsek, uzak ýerde okap ýören talyp, internet arkaly hat ýazyşyp, ýakynlary bilen gürleşýän bolsa, ony interwýu-dialog hasaplap bolar. Telefon arkaly söhbetdeşlik hem iki adamyň arasyndaky pikir alyşma bolup, interwýu žanrynyň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Bir aýratynlygy, habar beriş serişdelerinde çap edilýän interwýuda okyjylaryň isleginden ugur alynýar. Esasan olary gyzyklandyrjak sowallara jogap berilýär. Iki adamyň arasyndaky söhetdeşlikde weli diňe olaryň ikisiniň isleginden ugur alynýar.

Okuwçylaryň ýa-da talyplaryň öňünde duran mugallymyň çykyşy interwýu monology ýatladýar. Sebäbi sapakda mugallym okuwçylar ýa-da talyplar bilen pikir alyşýanam bolsa, esasan bir adamyň çykyş etmegi bu keşbiň häsiýetli aýratynlygydyr. Şeýle-de, jahankeşdeleriň öňüne düşüp, öz ýaşaýan ýurdy hakynda maglumat berip, olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berip barýan gidip ýa-da jahankeşde ýolbeledini synlabam interwýu žanrynyň alamatlaryny görmek bolýar.

Žurnalistikanyň žanrlarynyň arasynda soňky ýyllarda ýoň bolanlarynyň biri fiçe žanrydyr. Iňlis dilinde “Feature” häsiýetli aýratynlyk diýmegi aňladýar. Ol beýan edilşi boýunça edebi žanrlary ýatlatsa-da, real wakalaryň beýanyny berýänligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa onuň žurnalistikanyň žanrlarynyň arasynda özüne orun almagyna mümkinçilik berýär. Eger habar ýazylanda nirede näme bolandygy barada maglumat berilse, fiçe žanrynda ýazan mahalyň waka gatnaşan adamlaryň başdan geçiren ahwalatlary suratlandyrylýar. Iki adamyň arasyndaky söhbetdeşlik interwýu-dialog bolsa, şol söhbetdeşligi kesesinden synlap, beýan edýän wagtyň fiçe žanrynda çykyş edýändigimizi bilýäris. Gündelik durmuşymyzda hem gören-eşiden wakalarymyzy dostlarymyza, joralarymyza gürrüň beren mahalymyz onuň mazmunynyň fiçe žanrynyň alamatlaryny berýändigine bellemek gerek.

Umuman, žanrlar öz-özünden döremeýär. Olar durmuşy wakalaryň özenini, manysyny, ähmiýetini açyp görkezmek, halkyň arasyndaky iň gowy tejribeleri ýaýmak zerurlyklary esasynda döredijilik tejribesinde birnäçe ýyllaryň  dowamynda döreýär, kämilleşýär.

Dowamy bar…

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady