Hemmämize mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet sahypasy tarapyndan “Ata Watan Eserleri” atly döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip gelinýär. Bu bäsleşik ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň, döredijilige ymtylýan ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Yzygyderli ýagdaýda geçirilip gelinýän bäsleşigimiziň nobatdaky tapgyryny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Söýgi – durmuşyň özeni” ady bilen geçirýäris. Bu gezekki bäsleşigimize hem mekdep okuwçylaryndan başlap, talyplar, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň raýatlary, döredijilik işgärleri işjeň gatnaşýarlar.
Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli sentýabrdan başlap, dekabr aýyna çenli dowam edýän bäsleşigimize biri-birinden täsirli hem-de gyzykly makalalar, hekaýalar, oýlanmalar gelip gowuşdy. 130-a golaý dürli görnüşdäki makalalar toplumlaryny internet sahypamyza ýerleşdirdik.
Ýokary gyzyklanma eýe bolan bäsleşigimiziň dowamynda gynansak-da käbir gynandyryjy wakalar hem ýüze çykýar. Bäsleşigimize hödürlenen käbir eserleriň ozal başga awtorlar tarapyndan başga ýerde çap edilen eserler bolup çykandygy anyklandy. Ýagny bu eserler biziň bäsleşigimize hödürlenen awtoryň taýýarlan makalasy däl eken. Şeýle ýagdaýda döredijilik toparymyz awtora hem duýdurmak bilen şeýle eserleri bäsleşigimizden çetleşdirdi.
Biz döredijilik bilen meşgullanýan şahslaryň eser ýazmagyň kynçylygyna düşünýändigini, şol sebäpli beýleki şahslaryň ýazan eserlerine hormat goýjakdygyna we bäsleşikleri hem goşmak bilen durmuşyň ähli ugurlarynda adalatly bolýandygyna ynanýarys. Şol sebäpli esasan hem internet ulgamynda geçirilýän bäsleşiklerde galp “halanan” sanyny gazanmak ýa-da galp “okalan” sanyny artdyrmak ýaly çemeleşmelerden gaça durjakdygyna ynanýarys.
Bellemeli zat, “okalan” sany hasaplananda “Google Analytic” programmasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanjakdygymyzy ýatladyp, “ýasama okalan”sany aradan aýrylar.
Biziň bu döredijilik bäsleşigimiziň esasy maksady döredijilige ukyby bolan ýaşlary höweslendirmek, olaryň zehinlerini hem-de başarnyklaryny açyp görkezmekden, döredijilik adamlarynyň öz gymmatly pikirlerini okyjylar köpçüligi bilen paýlaşmagyndan ybaratdyr. Makalalar taýýarlananda başga çeşmelerden peýdalanyp bolar, şol çeşmeleriň agzalyp geçilmegi has dogry bolarmyka diýip pikir edýäris.
Siz bäsleşimize hödürlenen ähli eserleri saýtymyzyň Ata Watan Eserleri sahypasyndan okap bilersiňiz!
Aşgabat şäherinde terjime hyzmatlaryny hödürleýän “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň we Stambul şäherinde ýerleşýän we Türkiýede bilim almak isleýän talyplara okuw maslahatlaryny we terjime hyzmatlaryny berýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýän bäsleşigiň täze tapgyry Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnalýandygy sebäpli bäsleşigiň bu tapgyrynda jemi 25 baýrak sowgat berilýär. Bäsleşigiň bu tapgyrynda 6 sany gymmat bahaly sowgat bilen bir hatarda 19 sany dürli möçberlerdäki pul baýraklary ýeňijilere garaşýar. Pul baýraklarynyň jemi möçberi 25.000,00 manada barabardyr .
- Bäsleşige ugradylýan eserler 2020-nji ýylyň 20-nji noýabryna çenli (sagat 18:00) kabul edilip, 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli saýta ýerleşdiriler.
- Bäsleşigiň ýeňijileri 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda yglan ediler.
Bäsleşik barada giňişleýin maglumat almak üçin şu ýere basyň!
Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi
Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz! Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!
Applikasiýamyzy indirip alyň
Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň täzelenen applikasiýasyny öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň! Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz! Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!