DÜNÝÄ

Aýyň ýüzünde suw tapyldy

ABŞ-nyň “NASA” Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy ilkinji gezek Aýyň ýokarky gatlagynda suw tapandyklaryny habar berdiler. Bu guramanyň ýazmaça beýanynda stratosfera infragyzyl astronomiýa obserwatoriýasy, Aýyň Gün tarapyndaky böleginde suwuň bardygyny ilkinji gezek tassyklandy. Bu täsin açyş, suwuň sowuk we kölegeli ýerler bilen çäklenmän, Aýyň ýokarky gatlagyna ýaýramagynyň mümkindigini görkezýär. Merilendäki Goddard kosmos uçuş merkeziniň hünärmenleri, gidroksiliň (OH) ýerine Aýyň ýokarky gatlagynda suw buzunyň (H2O) bardygyny tassykladylar. Gözleg topary suwda spektral aýak yzyny kesgitlemek we atmosferany has anyk suratlandyrmak üçin uçarda oturdylan “SOFIA” teleskopy bilen açyş etmegi başardylar.

Kolorado uniwersitetiniň astrofizika professory Pol Heýn we onuň gözleg topary, “NASA” guramasynyň emeli hemrasy tarapyndan düşürilen kamera suratlaryny we temperatura ölçeglerini ulanyp, buz agramlarynyň takmynan 40.000 inedördül kilometre ýa-da Aýyň ýokarky gatlagynyň 0,1% göterimine barabardygyny aýtdy. Şeýlelik bilen suwuň bolmagy, dürli meseleleriň çözgüdini aňsatlaşdyryp biljekdigini, hatda ýangyç döretmek üçinem ulanyp boljakdygyny göz öňüne tutdular.

“NASA” guramasynyň astrofizika bölüminiň müdiri Pol Hertziň pikiriçe, emeli hemrada näçe suwuň tapylyp bilinjekdigi we hakykatda nähili ulanyljakdygy entek belli däl diýip, belleýär. 2024-nji ýylda “Artemid” atly maksatnama boýunça erkek we zenan kosmonawtlary Aý ýüzüne ibermegi meýilleşdirýärler.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar

Marokkoda Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi

Putin: Russiýany ykdysadyýetde Ýewropada 1-nji orunda goýýarlar