(Oýlanma)
Ynsan-ha däl, asyl islendik janly-jandara mähir bilen garasaň, olar hem saňa şol duýgy bilen garşylyk görkezýär. Biz oňa olary öz bolşy ýaly kabul edip, hiç zadyna garamazdan söýmek diýsek, onda bu biziň söýgi diýýän düşünjämize tüýs laýyk gelse gerek. Ýöne elmydama hakykatyň ýanynda ýalan, agyň ýanynda garanyň bolşy ýaly söýginiň ýanynda hem ýigrenç bar. Bular bir-biri bilen şeýlebir baglanyşykly edil şolar ýalam hem garşylykly. Megerem ýigrenç, adamlaň söýgüsinden agdyklyk edýär. Biz hemişe hemme kişiniň biziň isleýşimiz ýaly bolmagyny isleýäs, olaryň özüniň näme isleýändigi hakda bolsa pikirlenjek hem bolmaýarys. Ýüregimiz hemişe hemme kişini söýmäge taýyn, akylymyz welin hemişe hemme kişini kötekläp ýazgarmaga. Biz hemişe birinji akylymyza diň salýanymyzdanmy-nämemi onuň bilen maslahatlaşmagy endik edipdiris. Ýürek bolsa diňe bizi ýaşatmak üçin gerekdir diýip pikir edýäs. Aslynda bar mesele-de şu taýda. Biz bir zady söýmek üçin kiçijegem bolsa ýüregiň gerekdigini unudýas, akylymyz bolsa hemişe tekepbirligini edip, ýüregimiziň näme diýmek isleýändigine garamaýar, ol «akyl» bolany üçin mydam öz sözüne boýun egdirýär. Bulara edil şu oýlanmamyň dowamynda, gysgaça, «iki men» diýsegem bolar. Söýmek ýa söýülmek üçin ilki öz söýgimiziň tämizden, sada hem kämildigini görkezmek gerek. Biz bulary başarsak onda Gudraty güýçliniň ýaradan ähli barlygyna söýgi bilen gararys, hatda ýigrenç bilen garamak islesegem ony başarmarys. Meniň durmuşa diňe gussaly tarapdan seretmegi «başarýan» bir tanşym bar. Ol asyl hiç zat bilen gyzykmazdy. Ol häzirem şeýle. Hiç kim bilen hiç zat bilen seri ýok, hamala diýersiň, ruhy terk eden ýaly. Bir gün onuň bilen gürleşmäge synanyşdym, ol bolsa meni diňlemeýän ýaly, eliniň aýasyna barmagy bilen nämedir bir zat ýazyp oturan mysaly doňup otyr. Birinji men, ýagny akylym ýene öňürtdi. Ol onuň bu bolşuna «gödeklik» diýip kellämde uly zenzele turuzdy. Ikinji men, ýagny ýüregim bolsa adatdakysy ýaly onuň yzyndan pessaý sesi bilen bir zatlar aýtmaga çalyşdy, ýöne men oňa gulak hem gabartman Birinji meniň aýdanyny makullap, onuň ýanyndan siltenjiräp uzaklaşdym.Ýöne näme üçindir onuň bu bolşy meni özüne çekýärdi, hatda öýe gelemsoňam, şol hakynda pikir edenimi bilmän galýardym. Birinji men ony ulumsylykda, gödeklikde we kemakyllykda aýyplaýardy. Ikinji men bolsa onuň hoşniýetlidigini emma «akylymyň» ony görüp bilmeýändigini tekrarlaýardy. Ol tanşym bilen içgin gürleşmegi karar berdim. Bu karara gelmegime hem Ikinji men sebäp boldy. Ol maňa: «Ah, sen kemakyl, sen beýle hemme kişini söýýän adam bolsaň, bar sen öwret söýmegi, içgin gürleşmegi, şatlanmagy, aladasy bar bolsa özgeler bilen paýlaşmagy. Oňa şeýlebir ynam ber, ony şeýle bir söý, goý, ol bu dünýädäki ähli zady — adamlary, haýwanlary, agaçlary, gülleri, asyl durmuşy söýşüňi görüp söýgi diýlende sen göz öňüne gelsin, kiçijik zatlar bilen bagtly bolmagy öwret sen oňa. Ikinji meniň bu sesinden soň ýazgaryjy, tankytlaýyjy ses sem boldy. Men şonda bir zada göz ýetirdim bize biriniň häsiýeti ýaramasa: «Wah, onuň ýüregi gowy däl, ýüreginde ýamanlyk bar» diýip, ilki ýüregi kötekleýäris. Aslynda biz köp meselelerimiz babatda akylymyzyň hiç kime (hiç kime diýip esasy «ýüregi» göz öňünde tutýaryn) geňeşmän jogap berýänini bilemzok-da, ony ýüregimiz aýdýar hasaplaýas we bu günäni ýüregimiziň üstüne atýas. Bir adam nähili ulumsy, nähili gamgyn, nähili gazaply bolsa-da, ol biziň päk söýgimiziň garşysynda ejizlär. Özüniň bu duýgulardan mahrum galanyna siziň söýgiňiz bilen düşüner. Sebäbi olaryň hem ýüreginiň kiçijek bir ýerinde söýgi ýygşyrylyp ýatandyr, biziň olara şol söýgini tapmaga kömek etmegimiz gerek. Bu olary garaňky we hasratly dünýäden halas eder…
Bägül Baýramowa,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!