Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşmaklarynda ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde geçirilýän bu ähmiýetli duşuşygyň geljekde sebitleýin gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň, hususan-da Owganystana ýardam bermegiň aýratynlyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we olar babatynda degişli çözgütleriň kabul edilmegine möhüm itergi bermäge gönükdirilendigini nygtadylar.
Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri hem köpýyllyk ýaragly çaknyşyklaryň bes edilmegine we sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen owganara gepleşikleriniň ilerledilmegi boldy. Şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň gazanylmagy babatynda diňe syýasy we diplomatik gurallaryň ileri tutulmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň berk nukdaýnazary aýratyn bellenilip geçildi. Bu ugurda, ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda Türkmenistan, owganara gepleşikleriniň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini üpjün etmäge taýýardyr.
Howpsuzlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazary hem beýan edildi. Ýurt BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýändir. 2011-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezi Aşgabatda ýokary derejeli duşuşygy geçirdiler hem-de onuň barşynda degişli Bilelikdäki Meýilnama kabul edildi. Bu takyk alnan sebite gatnaşykda terrorçylyga garşy global strategiýanyň ornaşdyrylmagynyň dünýädäki ilkinji tejribesi boldy. Türkmenistan bu ugurda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek, serhetleriň howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy boýunça halkara hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar. Bu babatda taraplar özara hereketleriň binýadynyň kämilleşdirilmegine degişlilikde hem pikir alyşdylar.
Taraplar aýallaryň deňhukuklylygyna we olaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam etmek bilen birlikde durmuş häsiýetli derwaýys meselelere-de seredip geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle-de Söwda we maýa goýum boýunça ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky degişli Ylalaşyga (TIFA) laýyklykda gümrük we beýleki amallaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen Owganystanyň, Türkmenistanyň, ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.
Bu ugurda ulag-üstaşyr we ýangyç-energetika geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şonuň bilen birlikde, sebitde söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy üçin Owganystanyň, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilelikde işläp biljek beýleki ulag geçelgeleriniň kesgitlenilmegi bilen birlikde, Lapis-Lazuli geçelgesiniň netijeli ulanylmagy boýunça hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar TOPH we TOP ýaly energetika taslamalary bilen ugurdaşlykda, infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri dogrusynda hem pikir alyşdylar.
Häzirki pandemiýa we jemgyýetçilik saglygy ulgamyndaky töwekgelçilikli ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ynsanperwer özara hereketleriň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.
Taraplar medeni gatnaşyklaryň ilerledilmegi, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi maksady bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli özara hereketleriň dowam edilmegi babatynda hem ylalaşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplaryň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy