JEMGYÝET

Çagalar üçin mugt erteki kitaby  

“Garri Potter” eseri bilen dünýä belli bolan iňlis ýazyjysy J.K.Rowlingiň “Ickabog” atly ertekili kitaby çagalar üçin internetde mugt  hödürlenýär. Bu eser şu ýylyň 1-nji sentýabryndna başlap, “http://www.ykykultur.com.tr/ickabog” sahypasynda film görnüşinde ýaýlymda görkezilip başlandy. Rowling bu kitaby öz çagalary üçin ýazypdyr. Kitap 23-nji oktýabra çenli elýeterli bolar.

Awtoryň takmynan on ýyl mundan ozal çagalaryna uklamazdan ozal aýdyp berýän “Ickabog” atly ertekisiniň kitaby we elektron görnüşindäki kitaby dekabr aýynda gaýtadan çap ediler.

Rowling “Ickabog” ertekisinden geljek girdejisini Angliýada we bütin dünýäde pandemiýadan ejir çekýän adamlara kömek edýän taslamalara goşant goşmak üçin harçlajakdygyny mälim etdi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýetiň Hyrada sapary: saud kompaniýasy TOPH taslamasy bilen gyzyklanýar

Ata Watan Eserleri

Uluslararası Gastronomi Festivali başlıyor

vepa