JEMGYÝET

Öri meýdanlarynyň kärendesi 

Öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň Tertibi, öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi hem-de tölegi almagyň Tertib tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekti. Bu Karar Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak babatda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Welaýatlaryň häkimlikleri öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegleriň doly möçberde we öz wagtynda alnyşyna gözegçilik etmäge borçly edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar