BIZNES

Türkmen ykdysadyýeti: Jemi içerki önüm

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisde şu ýylyň 8 aýynda hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlendi.

JEMI IÇERKI ÖNÜM 5,7 GÖTERIME DEŇ BOLDY

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Muşşikow hasabat çykyş etdi. Wise-premýer makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Olar ähli pudaklarda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini görkezýär. Geçen 8 aýyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini okgunly ösdürmek gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,7 göterim artdy. Ýanwar-awgust aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim artdy. 8 aýyň dowamynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ýagdaýyny her gün seljerip durmagy, elektron senagatynyň ösdürilmegini, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň özümizde öndürmek babatda kabul edilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.

Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalary

Milli Liderimiz häzirki döwürde emele gelen ýagdaýlardan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýyl hem-de geljek ýyl üçin çaklamalaryny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň döwlet býujetini we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlap, bu resminamalary Halk Maslahatynyň öňüsyrasynda ara alyp maslahatlaşar ýaly Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine hödürlemegi tabşyrdy.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap suw desgalary açyldy

Demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «EKSPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar-

Ermenistanyň farmasewtika kompaniýalary Türkmenistana eksportuny artdyrmagy meýilleşdirýär

“TikTok”-yň esaslandyryjy Hytaýyň iň baý adamy

Türkmenistan «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady foruma gatnaşar