JEMGYÝET

Täze ýolbaşçylar wezipe bellendi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 3-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda guramaçylyk meselelerine seredilip, täze ýolbaşçylary wezipe bellemek babatda degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen  Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowa başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Aknabat Orazmyradowna Atabaýewa Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenip, ol Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Gurbanow Orazgeldi Amandurdiýewiç bilim ministri wezipesine bellendi. Bu wezipä bellenmezden ozal, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogika institutynyň rektory bolup işledi.

Bilim ministri Geldinýazow Mämmetmyrat başga bir işe geçendigi sebäpli wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Agamyradow Gulmyrat Nurmyradowiç Sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellendi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary bolup işlän Serdarow Muhammetgeldi Nurgeldiewiç Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine bellendi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri Annamuhammedow Ezizgeldy Orazmuhammedowiç başga bir işe geçendigi sebäpli wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Aşyrow Arslan Gurbanmämmadowiç Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellendi. Bu wezipä bellenmezden ozal A.Aşyrow Türkmenistan Döwlet habarlar gullugynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ozalky başlygy Garlyýew Nurmammet Allaberdiewiç işindäki düýpli kemçilikler sebäpli wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Amanow Batyr Amangeldýewiç Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş müdiri wezipesinden boşadyldy we Türkmenistanyň Döwlet ministri –“ Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Arçaýew Myrat Gurbandurdyýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, TürkmenistanyňDöwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniňbaşlygy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Merdan Tejimowiç Rozyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenip, ol «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Muhammetow Gurbangeldy Allaýarowiç Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory wezipesine bellenip, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Jumamyrat Şamyradowiç Gurbangeldiýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine bellenip, ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baba Zahyrow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Şahym Abdrahmanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellendi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Hajymuhammet Aşyrowiç Geldiýew başga işe geçmegi sebäpli, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi