TESWIRLER

Global Energiýa Bazaryndaky soňky ýagdaýlar

Global energiýa bazarynyň ösüş depgini pese gaçdy. Bu barada bugün halk köpçüligine ýetirilen “Statistical Review of World Energy 2020 | 69th edition” maglumatnamasynda aýdylýar. Geçen ýyl  global energiýa bazary 1,3 göterim ösdi, bu  görkeziji 2018-nji ýyldaky ösüş depginiň ýarysyna barabar. Başgaça aýdanymyzda 2018-nji ýylda global energiýa bazary 2,8 göterim ösüpdir.

Global energiýa bazaryndaky ösüş esasan hem, alternatiw energiýa çeşmeleriniň we tebigy gazyň sarp edişindäki artyşdan emele geldi.

Geçen ýyl nebit bazary 0,9 göterim artypdyr. Tebigy gaz bazary bolsa geçen ýyl 2 göterim ösüpdir. 2019-njy ýylda dünýäde jemi 3 trillion 929.2milliard kubmetr tebigy gaz sarp edilipdir. Şonda iň köp tebigy gaz 846.6 milliard kubmetr bilen Amerikanyň Birleşen ştatlarynda sarp edilipdir. Bu geçen ýyl dünýäde sarp edilen tebigy gazyň 21.5 göteriminiň bu ýurtda sarp edilendigini görkezýär. Geçen ýyl iň köp tebigy gaz şeýle hem ÝB ýurtlarynda  (469.6 milliard m3), Russiýada (444.3 miliard m3), Hytaýda  (307.3 milliard m3) we Eýranda  (223.6 milliard m3) sarp edilipdir.

Hytaýyň gaz bazary ösýär : Türkmenistan esasy çeşme

Geçen ýyl Hytaýyň sarp eden tebigy gazynyň möçberi 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 8,6 göterim ýokary bolupdyr. Ösüş depgini 2018-nji bolsa 13.2% barabar bolupdy. Hytaý 2019-njy ýylda dünýäde sarp edilen tebigy gazyň 7,8 göterimini ýeke özi sarp edipdir. Bu ýurt geçen ýyl 177.6 milliard m3 tebigy gaz öndiripdir. Başgaça aýdanymyzda geçen ýyl Hytaý tebigy gaz bazaryny kanagatlandyryp bilmek üçin 130 milliard kubmetre barabar tebigy gaz import etmeli bolupdyr. Şonda Hytaý 84.8 milliard m3 tebigy gaz LNG görnüşinde, 47.7 milliard m3 kubmetrini bolsa turbageçiriler arkaly import edipdir. Hytaýyň turbageçiriler bilen import eden tebigy gazyň esasy bölegi (66,6 %) Türkmenistandan gelipdir. Gygaça seljermämizi geçen ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä global subut edilen tebigy gazyň möçberi baradaky maglumaty ýetirmek bilen jemleýäris. Şonda häzirki ýagdaýda global subut edilen tebigy gaz gory 198.8 trillion kubmetre barabar bolup, munyň 10 göterimi Türkmenistanyň paýyna degişlidir. Maglumatlaryň bugün dünýä halk köpçüligine ýetirilen iň täze global energiýa bazary baradaky maglumatlardygyny bellemek bilen, seljermämizi gelejekde has giňişleýin seljermäni meýilleşdirýäris.

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady