JEMGYÝET

Tohumçylyk babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

26-njy maýda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ylymlaryň doktory, professor Iwan Kuzmin bilen geçirilen onlaýn duşuşykda oba hojalyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesine garaldy.

Bu duşuşyk wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere esasy ylmy edaralaryň hünärmenleri we görnükli oba hojalykçy alymlar bilen bu ugurda öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin yzygiderli ýagdaýda duşuşyklary geçirmek boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynda iň soňky gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, şol sanda ugurdaş daşary ýurt edaralary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça wideoaragatnaşykbilen hyzmatdaşlyk bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyrys