TEHNOLOGIÝA

Kompaniýanyň ilkinji akylly sagady bolar

“Realme” kompaniýasy hindi alyjylaryna tehnologiýa bazarynda uly gyzyklanma döredýär.  Kompaniýa şeýle amatly mümkinçiliklere ruhlanyp ilkinji akylly sagadyny satuwa çykarmagy meýilleşdIrýär. Täze “Realme Watch” dünýä belli “Apple Watch” bilen aç-açan özara bäsleşer, ýöne onuň bahasy “Apple Watch” akylly sagadyna garanyňda has amatly bolar.

“Realme Watch”-iň agramy bary-ýogy 31 gram bolup, 320×320 piksel durulykda 1,4 dýuým LCD duýgur ekrany ýerleşer. Ol 160 mAh batareýany öz içine alýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu akylly sagat 7-den 9 güne çenli zarýad ulanyp bolýar.

Şeýle hem ol IP68 kuwwatlygy bilen suwa çydamlylygy bilen tapawutlanýar. “Realme Watch” 5-nji iýunda bary-ýogy 50 ABŞ dollaryna Hindistanda hindi web dükany we “Flipkart” onlaýn dükany arkaly satuwa çykarylar.

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi