TEHNOLOGIÝA

  Samsung-dan täze önüm

Samsung kompaniýasy şu tomusda öziniñ Samsung Pay atly bank kartyny çykarmak isleýändigini belledi. Bu kart SoFi we Samsung kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzüler. Demirgazyk Amerikada ýerleşýän Samsung Pay kompaniýasynyñ direktory, telefon ulgamlarynda pul hasabyñyzy nähili dolandyrmak barada täze funksiýanyñ üstünde işleýändigini belledi. Emma bu telefonlardaky funksiýa we täze çykjak bank karty nähili funksiýalaryny ýerine ýetirýändigini barada anyk maglumat berilmeýär. Kompaniýa bular barada geljekki hepdelerde maglumat berjekdiklerini bellediler. Muña garamazdan häzirki wagtda Apple we Huawei kompaniýalary özüniñ bank kartlaryny ulanyşa hödürledi. Google kompaniýasy özüniñ bank kartynyñ üstünde işleýändigini hem belläp bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder