JEMGYÝET

Sakura 12 gün ir gülledi

Ýaponiýada bu ýyl ýurduň resmi däl nyşany bolan sakura agajy adatdakysyndan 12 gün ir gülledi.

Geçen ýyl Günüň dogýan ýurdunda bu agaç adatdakysyndan ýedi gün öň gülläpdi. Ýurtda bu agajyň gülläp başlamagyny ilat köpçülikleýin gezelençler, şagalaňly agşamlar bilen belleýär. Bu ýyl ýurduň ilaty ýiti öýken sowuklamasy keseliniň howp salmagy sebäpli sakuranyň gülläp başlamagyny bellemekden saklandy.

Sakura üljeler maşgalasyna degişli bolup, onuň 400-den gowrak görnüşi bar. Agajyň beýikligi ýaşyna laýyklykda 8 metre çenli ýetýär.

Ol 12 günläp gülläp durýar we şol günler adamlar diýseň şat bolýarlar. Onuň miwesi tüwüden nahar taýýarlanylanda, oňa üýtgeşik tagam, ys bermek üçin goşulýar.

Related posts

Adam atlarynyň manysy 02-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Mustafa Sandal ve dünya yıldızları Türkmenistan’da konser verecek

vepa

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti geçiriler