SPORT

96 ýyldan soňra Olimpiýa oýunlarynda gazanylan uly hasaply ýeňiş

Pariž Olimpiadasynda ýene-de bir täze üstünlik gazanyldy. Futbol boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda uly hasaply ýeňiş hasaba alyndy. Bürünç medaly gazanmak ugrundaky ýaryşda Marokkonyň ýygyndysy Müsüriň ýygyndysyny 6:0 hasabynda utdy. Mundan ozal, 1928-nji ýylda medal ugurndaky duşuşykda uly hasaply ýeňiş gazanylypdy.

Şeýlelikde, Marokkonyň ýygyndysy Müsüri 6:0 hasabynda ýeňip, Pariž Olimpiadasynyň bürünç medalyny gazandy. Nant şäherinde geçirilen duşuşykda Sufýan Rahimi, Abde Ezzalzuli, Bilal El-Hannus, Akram Nakaş we Aşraf Hakimi tapawutlandy.

Bu ýeňiş 1928-nji ýylda soňra erkekleriň arasynda Olimpiýa oýunlarynda gazanylan uly hasaply üstünlikdir.

96 ýyl mundan ozal, ýene-de bürünç medaly gazanmak ugrundaky duşuşykda Italiýanyň ýygyndysy Müsüri 11:3 hasabynda utupdy.

Pariž Olimpiadasynda futbol boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşyň finalynda, ýagny şu gün geçiriljek final duşuşygynda Fransiýa bilen Ispaniýa duşuşar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady