MEDENIÝET

78-nji «Altyn globus» baýraklary gowşuryldy

Kino we teleýaýlym taslamalaryna gowşurylýan «Altyn globus» baýragy 78-nji gezek eýelerine gowuşdy.

Golliwudyň Daşary ýurt metbugat birleşigi (HFPA) tarapyndan geçirilýän dabarada dört ugur boýunça baýraga mynasyp bolan «The Crown» filmi gijäniň dowamynda ünsi esasy özüne çeken eser boldy.

Şeýle hem «Borat Subsequent Moviefilm» we «Nomadland» filmleri iki ugur boýunça baýrak gazandy. Alty ugurda dalaşgär görkezilen Dewid Finçeriň «Mank» atly filmi bolsa ýekeje baýraga-da mynasyp bolmady.

Pandemiýa sebäpli Nýu-Ýorkda we Los-Anželesde Tina Feý we Emi Pohler tarapyndan alnyp barlan dabara diňe çäkli mukdarda saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdy. Dalaşgärler bolsa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp bildiler.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi