JEMGYÝET

75 belgili awtobusyň gatnaw ugryna üýtgeşme girizildi

Hormatly ýolagçylar! «Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 75-nji «Awtomenzil — Gurtly» ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini siziň dykgaty­ňyza ýetirýär.

— 75-nji «Awtomenzil — Gurtly» ugry boýunça awtobus «Awtomenzil» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly — Hoja Ahmet Ýasawy köçesi — Bitarap Türkmenistan — Gurbansoltan eje şaýollary — Ruhabat köçesi bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna Ruhabat köçesi — Gurbansoltan eje — Bitarap Türkmenistan şaýollary — Hoja Ahmet Ýasawy köçesi — A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtomenzil» belleniş nokadyna gelýär.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 28-60-30, 28-60-80.

 

Züleýha Kakaýewa :Mahmal owazyň eýesi

Döredijilik özüne ýakyn ynsanlary saýlaýar. Muňa döredijilige ýüreginiň töründen orun beren ynsanlaryň döredýän eserlerinde häsiýetleriniň şöhlelenmegi  şaýatlyk edýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine, mahmal owazly aýdymçy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha  Kakaýewa bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. Ýerine ýetirýän aýdymlaryndaky ýakymly owaz ýaly mylaýymlyk, mähirlilik, nuranalyk  Züleýhanyň ylhamly dünýäsine mahsus. Şonuň üçinem ol aýdym aýdanda mahmal owazy bilen ýüzündäki bagtyýar ýylgyryşy sazlaşyp, diňleýjileriň ruhuna ruh goşýar. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri