MEDENIÝET

700 gram kömelek 184 müň ýewro

Italiýada auksionda iň uly ak domalan kömelegi satyldy. Gonkongly işewür bu kömelegi 184 müň ýewro satyn aldy. Bu barada italýan metbugaty habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, ak domalanyň 700 gramynyň bahasy 184 müň ýewro deň boldy. Oňa ýene-de 250 gram goşuldy we şeýlelikde, 1 gram kömelegiň bahasy 194 ýewro boldy.

Italiýanyň demirgazyk sebitinde haýyr-sahawat maksatly geçirilen auksionda 604 müň ýewro girdeji gazanyldy.

Ak trýufel, domalan kömelekler tebigy şertlerde Italiýanyň we Merkezi Ýewropanyň birnäçe sebitinde ýetişýär. Olar käbir agaçlaryň aşagynda ösüp ulalýar. Olaryň üýtgeşik ysy bolup, ony hem ýörite tälim berlen itleriň hasabyna tapyp bolýar.

Ýene-de okaň

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty