JEMGYÝET

7-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +24° maýyl, gündizine +35… +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +25°, gündizine +31… +36°, kenarýaka etraplarynda +29… +34° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +32… +34°, basyşy 752 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Awazada: howa +31… +33°, basyşy 759 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Balkanabat şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 758 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 735 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Tejen şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 743 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa, gündizine +34… +39° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 738 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Baýramaly şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 737 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23° maýyl, gündizine +34… +39° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 740 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Kerki şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15… +20° maýyl, gündizine +32… +37° yssy bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 752 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Köneürgenç şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 754 mm, çyglylygy 15 — 35%.

 

7-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir