JEMGYÝET

7-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna girişiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.

Häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, galla oragyna girişmäge taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna girişmegiň senesini belläp, bu möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, galla oragyna köpçülikleýin girişmek we möwsümi talabalaýyk geçirmek üçin guramaçylyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň giň gerimde ösdürilýändigini nygtady hem-de ýerden bol hasyl almak üçin daýhanlarymyza zerur şertleriň döredilýändigine, olaryň ýokary hilli tohum, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, suw bilen doly üpjün edilýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl hem welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Ata Watan Eserleri