JEMGYÝET

“7 depeden 7 yklyma” konserti maksatnamasy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň hemaýat bermeginde geçirilýän “7 depeden 7 yklyma” atly konsert maksatnamasynyň çäklerinde Oraza aýynyň we Oraza baýramçylygynyň çäklerinde dowam etdirilýär.
“Covid-19” koronawirus ýokanjynyň dowam edýän döwründe bu konsert maksatnamasyny dürli ýerlerde gurnap, sungat söýüjilere ýetiriler. Türkiýäniň medeni gymmatlyklaryna baý bolan dürli şäherlerinde geçiriljek konsertler türk halkynyň öýlerinde geçirýän günlerini has gowy geçirmägine giň mümkinçilik döredýär.
“Afrodisias”, “Kapadokya”, “Patara”, “Efes”, “Hierapolis”, “Safranbolu”, İstanbul Mimar Sinan universitesi ve İstanbul Arheologiýa muzeýinde geçiriljek bu konsert maksatnamasynda Ferman Akgül, Şirin Panjaroglu – Bora Uýmaz, Serkan Çagry, Ýusuf Güneý, Murat Karahan, Kubat, Fettah Jan, Mazhar Alanson ýaly sungat ussatlary çykyş edýärler. Konsertler jemgyýetçilik torlary arkaly hem sungat söýüjilere ýetiriler.
Konsert maksatnamasy şeýle:
19-njy maý – Şirin Panjaroglu ve Bora Uýmaz – türk sazynyň konserti
Şirin Panjaroglu we Bora Uýmaz tarapyndan şahyrlar Erzurumly Ibrahim Hakki, Haki Fehim Efendi, Hakki Ibrahimhakkioglu we Belkis Ibrahimhakkioglunyň goşgulary boýunça taýýarlanan sopuçylyk aýdym-saz konserti. (Afrodisias gadymy teatry)
20-nji maý – Ferman Akgül we etnik saz orkestri – halk aýdymlary we Anadolynyň meşhur sazlary
(Kapadokýa)
21-nji maý – Serkan Çagry we Balkan ansambly, Elif Buse Dogan – Frakiýanyň we Balkan ýarym adasynyň sazlary (Patara gadymy şäheri)
22-nji maý – Yusuf Güneý
(Efes gadymy şäher)
23-nji maý – Murat Karahan ve Antalýanyň döwlet opera orkestri –
(Hierapolis gadymy teatry)
24-nji maý – Kubat – ýatdan çykmaýan halk aýdymlary

25-nji maý – Fettah Jan
(Stambul Mimar Sinan uniwersitesi)
26-njy maý – Mazhar Alanson
(Stambul arheologiýa muzeýi)
Şeýle hem konsertler guralanda koronawirusyň ýaýramagy sebäpli howpsuzlyk çäreleri, sanitariýa we arassaçylyk çäreleri berk berjaý edilýändigi bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we San-Marinonyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine uly ähmiýet berýär

Türkmenistanyň we Tunisiň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Hazaryň kenarynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy açyldy

Ata Watan Eserleri

“Makul habar” elektron gazeti (28-sany)

Ata Watan Eserleri

“Azertag”: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan sapary türkmen metbugatynda