SPORT

66 türgen sylaglandy

Şu gün, ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilýän gününde, Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň adyndan halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Dabaranyň başynda türkmen sportunyň ýeten sepgitleriniň sergisi guraldy.

Sylaglanan bu 66 türgen sportuň agyr atletika, suwda ýüzmek, taekwondo, dzýudo, söweş sambo, çeperçilik gimnastika, hokkeý, tennis, karate-do görnüşleri boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynda üstünlikli çykyş etdiler.

Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleri Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular.

Sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde ýaş aýratynlyklary boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler.

Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde sportuň Taekwondo görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň I çempionatynda türkmen türgenleri üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň baýdagyny belende göterdiler.

Bulardan başga-da, türkmen türgenleri Bosniýa we Gersogowinianyň Saraýewo şäherinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça, Russiýa Federasiýanyň Moskwa şäherinde “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşda üstünlik gazandylar.

Halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türkmen türgenleriniň sanynyň köplügi ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň ösmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Dabara aýdym-sazly dabara bilen utgaşyp gitdi.

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy