DÜNÝÄ

5,6 million raýat ses berdi

Şu ýylyň noýabr aýynda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlary üçin 5,6 million amerikaly öňünden ses berdiler. Bu barada “United States Elections Project” portalyndan bellenilip geçilýär. Ony Florida ştatynyň uniwersitetiniň professory Maýkl Makdonald ýöredýär.

Maglumatlara görä, ABŞ-da 5 million 618 müň 155 adam ses berdi. Öňünden ses bermek çäresine gatnaşan raýatlaryň şatatlar boýunça gatnaşygynda Floridada öňdedir. Bu ýerde 947 müň adam gatnaşdy. Wirjiniýada, saýlawlara 769 müň adam, Miçiganda 636 müň adam gatnaşdy. Wiskonsin we Illinoýs ştatynda 576 müň we 376 müň amerikaly degişlilikde möhletinden öň ses berdi.

ABŞ-da ählumumy saýlaw 3-nji noýabrda geçiriler. Prezident we wise-prezident, Wekiller palatasynyň 435 agzasynyň we Kongres Senatynyň üçden bir bölegini, 13 ştatyň we sebitiň gubernatorlaryny saýlarlar.

ABŞ-daky prezident saýlawlary esasan hem 2 dalaşgäriň arasynda geçer. Olar Respublikanlar partiýasyndan – ýurduň häzirki Prezidenti Donald Tramp, Demokratlar partiýasyndan bolsa, ozalky wise-prezident Jo Baýdeniň arasynda geçer.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi