BIZNES

52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

2021-nji ýylyň 5 aýynyň esasy görkezijileri:

  • Bäş aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy.
  • 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,3 göterim ýokarlandy.
  • Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim artdy.
  • Degişli döwürde 52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şeýle diýdi:

  • Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak işlerini dowam etmeli.
  • Ykdysady çökgünligiň başlanmazyndan ozalky görkezijilere ýetmegi gazanmaly.
  • Döwlet eýeçiligine degişli kärhanalary hem-de desgalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetine öwürmek işlerine has-da çaltlandyrmaly.

 

Biometriki Pasport boýunça üýtgetmeler we goşmaçalar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder