BIZNES

50 ýyldan bäri ýanýan alaw öçüriler

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň barlaglar bölüminiň başlygy Irina Lurýewanyň mälim etmegine görä, Garagum sährasynyň merkezinde 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýanýan gaz kraterini öçürmek boýunça ylmy çözgüt tapyldy we ol häzirki wagtda ylalaşmak tapgyryndadyr. Bu barada “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.

Tebigy gazyň biderek ýere ýanmagynyň öňüni almak boýunça çözgüt gaz krateriniň golaýynda gaz çykaryjy guýyny gurmakda jemlenýär. Bu guýy gaz kraterine barýan tebigy gazyň ýoluny sowmaga we senagat ähmiýetli ulanmaga ýardam eder.

Mälim bolşuna görä, gaz krateri örän çylşyrymly ýerasty gurluşa eýedir. “Garagumyň ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bu gaz krateri 1971-nji ýylda bu ýerde gurlan barlag guýusynyň opurylmagy netijesinde emele gelýär.

Ýurdumyz gaz krateriniň dowamly ýanmagy netijesinde daşky gurşawa goýberilýän zyňyndylary azaltmak we senagat bähbitli ulanmak maksady bilen ony öçürmek boýunça işleri alyp barmak kararyna geldi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi