SIZDEN GELENLER

5-nji iýun daşky gurşawy goramagyň halkara güni

1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň daşky gurşawy goramak boýunça geçiren konferensiýasynda 5-nji iýuny “Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni” diýlip yglan edildi hem-de şondan bäri Ýer şarynyň köp ýurtlarynda giňden bellenilip, dünýä bileleşigini tutuş adamzady tolgundyrýan häzirki döwrüň meselelerini çözmekde işjeň hyzmatdaşlyk etmek meýlinde birleşdirilýär. Birleşen Milletler Guramasy daşky gurşawy goramak, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni daşky gurşaw  meselelerine çekmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy arkaly daşky gurşaw syýasatyny we kanunlaryny ösdürmek ýaly işleri alyp barýar. Bu senäniň bellenilmegi her bir adamyň daşky gurşaw üçin jogapkärçiligini artdyrýar, tebigata aýawly garamagyň zerurlygy barada oýlanmaga mejbur edýär. Munuň özi geljekki ýaş nesilleriň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň gözelliklerini we baýlyklaryny aýawly saklamaga işjeň gatnaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumyadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda biologik köpdürlülik hakyndaky, ozon gatlagyny goramak hakyndaky, serhetýaka suw akabalaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, Çölleşmäge garşy göreşmek baradaky Konwensiýany, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we beýleki resminamalary tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” häzirki wagtda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär.

Tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlyga bürenmek maksatnamasy ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda dünýä işine ägirt uly goşandydyr. Biziň ýurdumyzda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahatlar we medeni çäreler geçirilýär.

 

Begli TÄŞLIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

 

Biometriki Pasport boýunça üýtgetmeler we goşmaçalar

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury