SPORT

48 ýaşan tälimçi

“Real Madrid” topary baş tälimçisi Zinedin Zidany doglan güni bilen gutlady. 23-nji iýunda fransuz hünärmeni 48 ýaşyny belleýär.

-“48 ýaşyna ýeten Zidany gutlaýarys”! diýip – “Real Madrid” toparyň “Twitter” sahypasynda gutlanylýar. Bir näçe gün mundan ozal fransuz tälimçi “Real Madridiň” tälimçileriniň arasynda ýeňişleriň sany boýunça ikinji ýeri eýeläpdi.

Zidanyň 2019-njy ýylyň mart aýyndan bäri “Real Madride” ýolbaşçylyk edýändigini bellemeli. Ondan öň 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan 2018-nji ýylyň maý aýyna çenli toparda tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Real Madrid” topary Ispaniýa çempionatynda, üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, ýurduň Super kubogynda, UEFA Super kubogynda we klub dünýä çempionatynda iki gezek ýeňiji bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler