SPORT

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

UEFA guramasy tarapyndan geçirilýän 2-nji derejeli uly kubok ýaryşlarynyň biri bolan UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Iňlis final gijesinde “Tottenhem” topary bilen “Mançester Ýunaýted” topary duşuşdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda “Tottenhem” toparynyň peýdasyna tamamlandy we bu topar 41 ýyldan soňra Ýewropanyň kubogyny gazandy.

“Tottenhem” topary soňky gezek 1984-nji ýylda UEFA-nyň kubogyny gazanypdy. Ispaniýanyň Bilbao şäheriniň “San-Mames Barriýa” stadionynda geçirilen duşuşykda ýeke-täk goly 42-nji minutda Brennan Jonson geçirdi.

Angliýanyň çempionatynyň 2 güýçli topary bolan “Tottenhem” hem-de “Mançester Ýunaýted” topary bu möwsümde uly şowsuzlyga uçrady. Uly býujetli toparlardygyna garamazdan, bu topar çempionatda 16-njy we 17-nji orunlary eýelediler. Bu soňky onýyllykda her iki toparyň gazanan iň erbet netijesidir.

Şeýlelikde, “Tottenhem” topary bu gazanan üstünligi bilen geljek möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

“Mançester Ýunaýted” topary Ýewropa ligasynyň finalynda 3-nji gezek çykyş etdi. Bu topar 2017-nji ýylda  finalda Niderlandlaryň “Aýaks” toparyny ýeňipdi. 2021-nji ýylda bolsa, “Wilýarreal” toparyndan ýeňlipdi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy