DÜNÝÄ

4-nji fewral ― Halkara doganlyk güni

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 4-nji fewralynda Halkara doganlyk gününi bellemek baradaky karary kabul etdi.

Bu başlangyç Birleşen Arap Emirliklerine, Bahreýne, Müsüre we Saud Arabystanyna degişlidir. Teklip BMG-niň Baş Assambleýasynda golnayldy we munuň üçin 4-nji fewral mynasyp görüldi. Kabul edilen karar bilen dinleriň we medeniýetleriň arasyndaky doganlyk-dostlugy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Abu-Dabiniň iň gadymy we abraýly Yslam uniwersiteti bolan Al-Azharyň ýokary ymamy Şeýh Ahmad Al-Taýýib we Rim Katolik Buthanasynyň Rim Papasy Fransis dünýäde parahatçylygy we agzybirligi ykrar etmek üçin doganlaşmaga, ýakynlaşmaga çagyrdy.

Kararyň öňüsyrasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň BMG-däki wekili Lana Nusseibe: «Dünýäde zorluk, ýigrenç, ksenofobiýa, dini fanatizm we beýleki diskriminasiýalar barha artýar. Şeýle howplary diňe adamlaryň doganlyk ruhundaky wepasy, jebisligi bilen ýeňip bolar» diýip nygtady.

Ynsan doganlygy Ýokary komitetiniň baş sekretary Guja Muhammet Abdulsalam hem öz gezeginde adamzadyň doganlygynyň global jogapkärçilige öwrülendigini aýtdy.

Karara BMG-nyň 34 döwleti gol çekdi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy

Tramp “EKSPO-2035” Bütindünýä sergisi Maýamide geçirmegi isleýär