TEHNOLOGIÝA

4 müň 500 dollarlyk ulaga uly isleg

Amerikanyň “General Motors” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny alyp barýan Hytaýyň “SAIC” kompaniýasy özüniň öndüren “Hong Guang Mini” elektroulagyny satuwa çykardy. Onuň satuwy ýanwar aýynda “Tesla” kompaniýasyndan satuwyndan iki esse köp boldy.

2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýda “SAIC” kompaniýasy 112.000 sany “Hong Guang” elektro ulagyny satdy. Bu awtoulagyň satuwy babatda Hytaýda “Tesla Model 3” görnüşinden soňra ikinji awtoulag boldy.

“BBC” habar gullugynyň habaryna görä, ýanwar aýynda 25778 sany elektroulagyny satyp, ýurtda iň meşhur elektroulag boldy. Dünýäde bolsa “TeslaModel 3” görnüşinden soňra iň köp satylan elektrik ulagy hasaplanylýar. Müşderilere ulagyň asyl bahasyna goşmaça 500 dollar töläp, awtoulagyň kondisionerli görnüşini satyn almak mümkinçiligi hem hödürlenýär. “Hong Guang Mini” elektroulagy sagatda 100 kilometre çenli tizlige ýetip bilýär we dört adama syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Latwiýa awtoulag kompaniýasy bu elektroulagyň Ýewropa görnüşini çykarmagyny isleýärler. Eger-de kompaniýa özüniň ulagyny Ýewropa görnüşli edip çykaranda, onda satuw bahasy iki esse ýokarlanymagyna garaşylýar.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi