MEDENIÝET

38 sany dişi bilen Ginnesiň kitabyna girdi

Lukmanlar Hindistanyň ýaşaýjysy 26 ýaşyndaky Kalpana Balanyň 38 sany dişiniň bardygyny anyklap, onuň dişiniň adaty uly ýaşly adamyň dişlerinden 6 sany köpdügi mälim edildi.

“Hindustan Times” neşiriniň habar bermegine görä, Kalpananyň aşak äňinde 4, ýokary äňinde bolsa 2 sany goşmaça diş bar.

Kalpananyň ene-atasy ol entek kiçi wagty adaty bolmadyk dişleriniň bardygyny görüpdirler. Emma aýyrmak kyn bolandygy üçin diş lukmanynyň maslahatyna eýerip, çaganyň ulalmagyna garaşypdyrlar. Soňra bolsa gyzyň özi dişini aýyrtmakdan gorkup, olary saklamak kararyna geldi.

– Men Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigim üçin örän şatdyryn – diýip, Kalpana Balan gürrüň berdi.

Erkekleriň arasynda bu görkezijä kanadaly Ewan Mellon eýedir we onuň 41 sany dişi bar.

Lukmançylykda artykmaç diş giperdentiýa ýa-da polidentiýa adalgasy bilen bellidir. Dünýäniň ilatynyň 3.8 göteriminde bir ýa-da birnäçe artykmaç dişi bar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy