BIZNES

38 desga hususylaşdyrylar

Döwlet eýeçiligine degişli 38 desga hususylaşdyrmak üçin bäsleşikli söwda çykarylar. Bäsleşikli söwda 22-nji fewralda, sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçiriler.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimliklerine degişli desgalar hususy taraplara satmaga hödürlenýär.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplar we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Bäsleşikli söwdalara hödürlenýän desgalaryň sanawy bilen «Türkmenistan» gazetiniň 3-nji fewralda çykan sanynda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy