SPORT

365 million dollarlyk şertnama

Amerikanyň beýsbol ligasynyň “Los-Anjeles Dodgers” topary amerikaly türgen Mookie Betts bilen 365 million dollar pul möçberi bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy.

Toparyň habar bermegine görä, 27 ýaşly sag tarapda oýnaýan türgen bilen 12 ýyllyk şertnama baglaşyldy. ABŞ-nyň metbugatyndaky habarlara görä, türgen 12 ýylyň dowamynda 365 million dollar alar.

Sport ýoluna “Boston Red Soks” toparynda başlan amerikaly türgen 2018-nji ýylda bu topary bilen çempion bolupdy. 2019-njy ýylyň fewralynda bolsa, häzirki toparyna geçdi.

Bu türgen geçen ýyl “Los-Anjeles Angels” topary bilen 426.5 million dollar möçberinde şertnama baglaşan Maýk Troutdan soňra ABŞ-nyň toparlarynyň arasynda iň köp pul möçberli şertnama eýe bolan ikinji türgen boldy.

Golaýda Patrik Mahomes Amerikanyň futbol ligasynyň (NFL) “Kansas Siti-Çifs” topary bien 503 million dollar möçberinde şertnama baglaşyp, bu ugurda ýurduň iň köp pul möçberdindäki şertnama eýe bolan türgen boldy.

Ýene-de okaň

“Real” topary Argentinanyň ýaş futbolçysyny satyn aldy

Küşt­çü­le­ri­miziň Şri-Lankadaky üs­tün­li­gi

Aşgabatda küşt bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy geçiriler

Kewin De Bruýne “Napoli” topary bilen şertnama baglaşdy

Sane “Bawariýadan” “Galatasaraýa” geçýär

Ýamal dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy