MEDENIÝET

33 metrlik saçy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

ABŞ-nyň Florida şäheriniň ýaşaýjysy Aşa Mandela 33,5 mterlik saçy bilen dünýäniň iň uzyn saçly zenany diýen ada mynasyň boldy. Ol bu görkezijisi bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda öz ornuny aldy.

60 ýaşyndaky Aşa Mandela 2009-njy ýylda iň uzyn saçy bilen ilkinji gezek rekordlar kitabynda orun alypdy. Şonda onuň saçynyň uzynlygy 15,6 metre barabardyr. Ýöne soňlugy bilen onuň saçynyň uzynlygy 33,5 metre ýetdi.

Mandela 40 ýyl mundan ozal Trinidad we Tobagodan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelenden soňra saçyny uzaldyp başlandygyny mälim etdi.

Ol saçlarynyň ýerde süýrenmezligi hem-de boýnuny gyzmazlygy üçin ony mata bilen daňyp ýöreýändigini belledi. Mandelanyň ýoldaşy Emmanuel Çege professional dellekçi bolup, her hepde aýalynyň saçyna ideg etmek üçin birnäçe sagadyny sarp edýär.

Çege aýaly Mandelanyň hepdede bir gezek aýalynyň saçyny ýuwýar. Munuň üçin bolsa bir guty şampun gerek bolýar. Şondna soňra saçyň guramagy üçin 2 gün gerek bolýar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy