JEMGYÝET

32 ýyldan soňra ogluny tapdy

Hytaýda 1988-nji ýylda 2 ýaşynda wagty ogurlanyp, başga bir maşgala satylan oglan 32 ýyldan soňra öz ejesine gowuşdy.

Mao Ýin atly ýaş oglan 32 ýyl mundan ozal,  kakasy bilen suw almak üçin myhmanhana giripdir. Şol ýerde hem ogurlanypdyr. Çagasy gözlemek üçin işinden hem çykan ene ýurduň 10 welaýatynda bolup, 100 müň sany bildiriş paýlap çykypdyr. Ogluny tapmak üçin köp sanly teleýaýlymdaky gepleşiklere gatnaşypdyr.

Oglunyň gözlegine çykyp, bu ýoldan dänmedik ene ahyrynda maksadyna ýetdi. Şu ýylyň aprel aýynda bu maşgalany begendirjek habar gelip gowuşdy. Polisiýanyň işgärleri ýurduň Siçuan welaýatynda çagany ogullyga alan maşgala babatda seljeriş işlerini geçirdi. 34 ýaşyndaky Gu Ningning  üçin DNK barlagy geçirildi we onuň 32 ýyl mundan ozal ogluny ýitiren enäniň çagasydygy mälim boldy.

Şeýlelikde göni ýaýlymda enäniň ogluna gowuşýan pursatlary dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi. Ogluna gowşan ene özüne kömek eden on müňlerçe adam minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady