SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Fransiýa täze taryhy rekord goýup, dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän döwleti derejesini saklap galdy. Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda bu ýurda 102 million adam geldi. Bu görkeziji, syýahatçy akymynyň ilkinji gezek 100 million myhmana ýeten “olimpiada” ýyly bolan 2024-nji ýylyň netijesinden hem ýokary boldy. Syýahatçylaryň esasy bölegini ýewropalylar emele getirdi.

Syýahatçylyk pudagynyň ykdysady täsiri görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi: girdeji 77,5 milliard ýewro boldy. Bu öňki ýylyň görkezijilerinden 9% ýokary bolup, pandemiýadan öňki 2019-njy ýylyň derejesinden üçden bir esse köpdür. Ýurduň hökümeti durnukly syýahatçylygy ösdürmegiň hasabyna 2030-njy ýyla çenli pudakdan gelýän ýyllyk girdejini 100 milliard ýewro ýetirmegi meýilleşdirýär.

Gelýän syýahatçylaryň sany boýunça öňde barýandygyna garamazdan, Fransiýa maliýe netijeliligi babatda Ispaniýadan yza galdy. Goňşy ýurt 96,8 million syýahatçy kabul eden hem bolsa, has köp — 105 milliard ýewro girdeji gazandy.

Fransiýanyň Syýahatçylyk ministrligi syýahatçy akymlaryny kadalaşdyrmak strategiýasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Taryhy we tebigy ýadygärlikleriň özboluşlylygyny hem-de ýerli ýaşaýjylaryň rahatlygyny saklamak üçin, pudagyň mundan beýläkki ösüşiniň berk gözegçiliksiz galdyrmak mümkin däldigini nygtaýarlar.

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!