SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

3-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  3-nji  sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün söýýän adamlaryňyz bilen düşünişmek biraz kyn bolup biler. Hat-da ozal gowy dil tapyşýanlaryňyz bilen hem käwagtlar düşünilmez. Sabyrly boluň, aç-açan görünýän zady gaýtalap düşündirmeli ýagdaýa getirselerem, gaharlanmajak boluň. Köne dostlaryňyz size ajaýyp maslahatlar berip bilerler. Şolary diňleseňiz, ýüregiňize düşýän, bimaza edýän ýalňyşlyklardan gaça durup bilersiňiz. Geleşikler we zat satyn almak üçin erbet gün däl. Agşam uzakdan bir hoş habar geler. Bu diňe siz üçin däl garyndaşlaryňyz üçinem möhümdir.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar bu gün size üstünlik gazanmagy wada berýän ajaýyp gün. Duýgularyňyza diň salyň, olar size ilki nämä  ünsi jemlemlidigini, nämeleri soňa goýup boljakdygyny aýdar. Beren bergileriňiz yzyna geler we bu gaty peýdaly bolar. Alan girdeýjiňizi derrew peýdaly ugra gönükdiriň. Köp adamlar siz hakynda has köp zatlary bilmek isleýärler, şonuň üçin käbir beriljek içgin soraglara taýyn boluň!

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Soňky döwürde has göreseňiz gelen adamy görmek mümkinçiligini elden gidirmäň. Sebäbi duşuşuk sizi begendirer we täze birzat öwrenmek mümkinçiligini gazanarsyňyz. Köpden bäri gidesiňiz gelýän ýere çagyrylmagyňyz mümkin. Bu alamatyň wekilleri aç-açan meýilnamalara garaşýalar. Käbir kiçijek meseleler  ýüze  çykyp biler, olaryň çözgüdi meýilleşdirilmedik çykdaýjylary talap edip biler. Jöwzalar pul çykdaýjylary köp alada etmäň.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Gowy däl geçjek bir güne taýynmy siz? Şahsy durmuşyňyzda düşünişmezlikler, dogan-garyndaşlaryňyz bilen düşünişmezlikler garaşýar. Meýilnamalaryňyz amala aşman ýa-da yza süýşürilip biler. Emma gynanmaň, tiz wagtda we täsirli boljak, goldawy ýyldyzlar size wada berýäler. Günüň ikinji ýarymy aýratyn görýän adamyňyz bilen geçirseňiz biraz özüňizi gowy duýmaga mümkinçilik bolar. Köne nägilelikleri we özara talaplary düşünişmekligi soňa goýuň!

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Esetler güni täze zatlar bilen däl-de, eýýäm tanyş meseleleri çözmek bilen başlamak has gowudyr. Bu temada size hiç hili kynçylyk bolmaz, isleýän netijäňizi gazanarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda sizi we ýakynlaryňyzy biynjalyk eden meseläni  çözmek üçin, möhüm we çynlakaý çözgüde ünsi jemläp bilersiňiz. Garaşylmadyk syýahatlar garaşýar. Soňky döwürde durmuşyňyzdan ýitirim bolan adamlaryň birden durmuşyňyzda gowy habar bilen peýda bolmaklary mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün maliýe we emläk meselelerini çözmek, şertnamalar baglaşmak üçin amatlydyr. Pul barada aýdylanda, siz aýratyn çynlakaý we ünsli boluň. Hiç zady ýatdan çykarmaň, hat-da ownuk ýalňyşlyklara hem ýol bermäň. Maşgalaňyz bilen gezelenç gurnaň! Günüň ikinji ýarymynda ýadawlyga  eltjek emma kyn boljak mesele bilen meşgul bolmak maslaahat berilýär. Ýürekdeşiňiz bilen bile gowy agşam geçirip bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Garaşylýanyndan has köp zat bolar we bu gün gaty ýadawlyga eltip biler. Ähli problemalaryňyzy ýeke özüňiz çözmeli däldigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň. Golaýda size höwesine kömek etjek islendik haýyşyňyza jogap berjek adamlar bar. Olary tanamaga çalşyň. Ýakyn adamyňyz hem siziň hoş sözleriňize, maslahatlaryňyza mätäç bolup biler. Agşam artykmaç aladalardan daşda duruň!

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün gyzyklanmalaryňyzy we güýmenjeleriňizi paýlaşýan adamlar bilen aragatnaşyk gürmak üçin ajaýypdyr. Söhbet etmek üçin gyzykly temalar bar. Täze pikirleriň döremegi mümkin, olary dumuşa geçirmek üçin ozalky meýilnamalaryňyzy üýtgedersiňiz. Garaşylmadyk çeşmelerden girdeýjileri gelmegi ähtimal. Söýgi meselesinde akraplara romantik gün garaşýar. Adaty däl we ýatda galyjy gün bolar. Maşgalaly  akraplara öýde dynç almak we maşgala agzalaryna wagt sarp etmek masahat berilýär.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Kowuslar möhüm kararlar berip, batrgaý meýilnamalary düzüp bilersiňiz. Arzuw etmek gowy zat, ýöne häzirki wagtda mümkinçilikleriňize görä arzuw etmek has amatly. Ýeri gelende aýtsak ýakyn wagtda maslahatda-da, iş ýüzünde-de kömek etmäge adamlar bolar. Siz olar bilen çalt düşünişersiňiz. Öň deň gelmedik we dartgynly bolan gatnaşyklar has sazlaşyly bolar. Bu ýakynlaryňyza  sabyrly we ünsli bolarsyňyz, olar hem size şeýle jogap gaýtararlar. Ýekeje sizi gynandyrjak zat maliýe çykdaýjylaryňyz bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Başga adamlaryň meselelerini çözmäge kömek etmek üçin wagt sarp edip bilersiňiz, ýöne sizi biynjalyk etmez. Kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýanlara kömek etmek, düşüniksiz ýagdaýa düşen dostlaryňyza ýardam etmek bilen meşgullanyň, munuň üçin günüň ikinji ýarymy has amatlydyr. Pul girdejiler garaşylyşyndan has köp biler. Puluňyzy sarp etmäge howlukmaň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Bu günde köp gyzykly söhbetdeşlikler bolar. Alamatyň käbir wekilleri  peýdaly tanyşlar, ozal köp gowy zatlary eşiden adamlaryňyz bilen ilkinji gezek tanyşlyk garaşýar. Olarda özüňiz hakynda ýakymly täsir galdyrmak üçin tagalla etmelisiňiz. Bu temada size duýgularyňyz dogry ýol görezer. Günüň birinji ýarymy gyzykly we täsirli geçse-de, ikinji ýarymynda ünsitalap edýän meselelere wagt sarp ediň. Gezelençler, syýahaty yza süýşürmek maslahat berilýär.

Hut (balyk21.02 – 20.03)    

Hutlar gününňiz gowy geçer.  Ýöne käbir ownuk zatlary ýüregiňize alarsyňyz. Ähli zady oňyn görnüşde sazlamaga çalyşyň. Şatlanmaga sebäpleri dörediň. Öý işleri bilen meşgul bolmak üçin amatly gün. Meýilleşdirilmedik  çykdaýjylar, döeülen öý enjamlaryny çalyşmak ýaly meseleler bilen ýüzleşersiňiz. Agşam  garyndaşlaryňyz bilen gürleşmek, maslahatlaşmak täsirli bolar

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama