SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

3-nji iýunda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Günlük täleýnama bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin, 3-nji iýundaky ýyldyzlaryňyza görä täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün maliýe işjeňligi, islendik işjeň hereket we gyssagly karar talap edýän meseleler üçin amatsyz. Maliýe ýagdaýynyň käbir sebäplere görä ýaramazlaşmagy ähtimal. Işiňizde adatdakysyndan has yhlasly bolsaňyz-da, başlygyňyz bilen düşünişmezlikler bolup biler. Saglyk bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagy mümkin.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Güýçli, energiýaly gün. Islendik işe, hatda iň töwekgelçilikli işe-de standart däl çemeleşme gowy ýarar. Belki söýgi ýa-da gaty şatlykly duşuşyk bolar. Söwda etmek üçin amatly gün: amatly söwda edip bilersiňiz, jaýymyzy abatlamaga başlap bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Biderek umytlar, hyzmatdaşlykda biwepalyk bilen baglanyşykly amatsyz gün. Daşarky täsir, maliýe ýagdaýyňyza zyýanly täsir edip biler ýa-da işiňizi täzelemek bilen baglanyşykly gözlegleriňiz islenýän netijeleri bermez. Islendik kararyň iň garaşylmadyk netijeleri bolup biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Oňyn we negatiw tendensiýalar bilen baglanyşykly gaty işli we başagaý gün. Söýgi hekaýasynyň başlangyjy bolup biljek bir tanyşlyk bolar, ýöne agalyk etmek islegi we käbir ownuk-uşak zatlar gözýaşlara we lapykeçlige sebäp eder. Erkekleriň aşa ynamsyzlyk etmegi ýa-da birkemsiz bolmak islegi sebäpli ýagdaý kynlaşyp biler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Işewür gatnaşyklar, jemgyýetçilik guramalaryna we döwlet edaralaryna ýüzlenmeler bu gün şowna bolar. Ynandyrmak we duýgurlyk ukybyňyz güýçlenýär. Häzirki wagtda görlüp-eşidilmedik energiýanyň artmagyny duýarsyňyz. Näme etseňizem hemme zat üstünlik getirer, hatda iň bulaşyk ýagdaýlardanam özüňiz üçin girdeji gazanyp bilersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Nätanyş adamlar bilen ýiti konfliktiň bolmagy mümkin. Saglygyňyza ünsli boluň. Saglygyň erbetleşmegi mümkin. Seresaplyk, agyz beklemek, käbir zatlary etmekden saklanmak zerurdyr. Gaharlanmak, aglamak maslahat berilmeýär.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Häzirki wagtda ownuk düşünişmezlikleriň bolmagy mümkin, şonuň üçin gündelik işleriňizi öňünden meýilleşdirmeli. Pes durmuş potensialy öndürijiligiňize we dogry karar bermek ukybyňyza täsir edip biler. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzda durnuksyzlyk ähtimal.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Durmuş potensialyňyz azalýar. Keýpiňiziň duýdansyz üýtgemegi, emosional bozulmalar ýa-da keseller bolup biler. Özüňizi izolýasiýa etmezlige synanyşyň. Özüňize ýakyn adamlara, esasanam çagalara üns bermeli.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Islendik möhüm işe başlamak ýa-da iş ornuňyzy çalşmak üçin amatly gün. Size täze wezipe teklip edilip bilner. Ikirjiňlenmän razy boluň, ýakyn wagtda durmuşda möhüm üýtgeşmeler garaşýar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün döredijilik ideýalaryny ýa-da jaýy abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirmek üçin amatly. Bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak, zatlary bejermek ýa-da tertiplemek peýdalydyr. Bu gün size täze gyzykly tanyşlyklar garaşýar – olaryň işewürlikden dostluga çenli ösmegi mümkin.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Işjeň, döredijilik güni. Zehinleriňizi we başarnyklaryňyzy dürli derejelerde görkezip bilersiňiz. Topar sapaklary, dostlar bilen aragatnaşyk peýdalydyr. Täze pikirler size goşmaça girdeji çeşmelerini açar. Täze tanyş, geljekdäki maksatlaryňyza peýdaly täsir etjekdigini wada berýär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Işewürlige jogapkärli garaýyş, üstünlik gazanmak ýolundaky ähli päsgelçilikleri we töwekgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berer. Ýyldyzlar wagtyňyzy dogry kesgitlemegi we peýdalanmagy maslahat berýärler. Energiýaňyz töweregiňizdäkileri özüne çekip ýa-da geň galdyryp biler. Täze girdeji çeşmelerini tapmaga mümkinçilik berýän täze pikirleriň ýüze çykmagy hem ähtimaldyr.

 

Taýýarlan: Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler 
ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama