DÜNÝÄ

ABŞ bilen Hytaý “TikTok” jemgyýetçilik tory boýunça ylalaşdy

ABŞ bilen Hytaý “TikTok” jemgyýetçilik torunyň ABŞ-da ýerleşýän bir firma satylmagynyň şertleri boýunça çarçuwaly ylalaşyga geldiler. Bu barada maliýe ministri Skott Bessent “Reuters” we “CNN” metbugat gulluklaryna habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 19-njy sentýabrda göz öňünde tutulýan duşuşygynda bu şertnama boýunça doly ylalaşyga gelinmegi meýilleşdirilýär.

«Ýewropada Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Hytaýyň arasynda uly söwda duşuşygy örän gowy geçdi. Şeýle hem, belli bir kompaniýa boýunça ylalaşyga gelindi. Ýaşlar muňa gaty begenerlerr!» — diýip, Tramp “Truth Social” jemgyýetçilik torunda habar berdi.

2024-nji ýylda ABŞ Kongresi “TikTok”-yň eýesi bolan hytaýly “ByteDance” kompaniýasynyň ABŞ-daky bölümini satmaga ýa-da sosial ulgamyň ýurduň çäginde işlemegini bes etmäge borçlandyrýan kanun kabul edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar