SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

29-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                              29-nji  noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.  

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Örän möhüm kararlary bermeli bolarsyňyz. Mundan başga-da, köp meseläni şol bir wagtda çözmeli bolarsyňyz. Ünsli we seresap bolmaly, gereksiz gepleşiklerden gaça durmaly, sebäbi indi olar birek-birege gaharlanmakdan başga zat getirmez. Güniňizi öýde maşgala bilen baglanyşykly işlere bagyşlaň.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün  ýyldyzlar Sowurlara  birneme kynçylyklar döredip biler  işde ýa-da öýde çözgüt tapmak kyn bolan mesele ýüze çykyp biler. Bütin güýjüňizi jemleseňiz  netijesi  gazanyp bilersiňiz. 

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün Jöwzalaryň öňünde bir topar mesele we kynçylyklar çykyp biler, olaryň ählisi hem iň ýakyn adamlaryňyz tarapyndan ýüze çykmagy ähtimal. Kimdir biri sizde ýaramaz ýagdaý döredip biler.Käbir  Jöwzalara  ähmiýeti uly we geljegine  täsir edýän meselelerden başlap pikirlenip hereket etmek maslahat berilýär.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün Seretanlara aşa köp zatlar hakda pikirlenmezlik maslahat berilýär. Dynç alyň, rahatlygyňyzy tapyň. Maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen wagt geçirip, ruhy we beden taýdan rahatlanmaga synanyşyň. Seretanlara häzirki wagtda howlukmaç netije çykarmakdan gaça durmaklyk maslahat berilýär  çünki kabul eden kararyňyz diňe size däl, ýakynlaryňyza hem täsir edip biler.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün Esetlere duýgularyny has seresaplyk bilen gözegçilikde saklamak maslahat berilýär emosional reaksiýalar bilen başga birine zyýan ýetirip bilersiňiz.Ýyldyzlar size häzir ýakynlaryňyzyň höwes berip biljek goldawyny ret etmezligi maslahat berýär bu goldaw has uly üstünlikleri  getirer.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün Sünbüleler üçin birneme adatdan daşary gün bolup biler  ýagdaýy doly gözegçilikde saklamak kyn düşer. Dostlaryňyzyň pikirlerini diňlemäge çalşyň  garşylyk görkezmeseňiz üstünlik ýanyňyzda bolar.Güniň ikinji ýarymynda maddy girdejileriňizde hem üstünlik gazanarsyňyz.

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün Mizanalara maddy girdeji we üstünlik garaşýar.Şonuň üçin her ädimiňizde pikirlenip hereket ediň we ownuk ýalňyşlyklardan gaça duruň. Güniň ikinji ýarymynda size we siziň ýakynlaryňyza şowlulyklar garaşýar. Esasanam bu toý habary bolmagynyň mümkindigini ýyldyzlar duýdurýarlar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün Akraplarda duýgular güýçli bolar we bu ýagdaý töweregi birneme dartgynlaşdyryp biler. Size goldaw berip biljek adamlary gözläň  olaryň sözi ýa-da kömegi size uly ýardam eder. Akraplaryň söýgi gatnaşygynda arabaglanyşygyň gaýtadan döremegi  hem mümkin.Ony kabul edip-etmezlik diňe öz islegiňize bagly.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün Kowuslar işde we aragatnaşykda uly şowlulyk garaşýar. Mümkinçiliklerden  peýdalanyň. Emma ownuk meseleler hem ýüze çykmagy mümkin olary  tiz çözmäge synanyşyň. Ýyldyzlar käbir Kowuslara howply ädimlerden gaça durmagy maslahat berýär ownujak zatlar  hem sizi kyn ýagdaýa eltip biler. 

Jedi (owlak 22.12 – 20.01) 

Bu gün  göwnüçökgünlikden, kemçiliklerden saplanasy gelýän Jedilere tüýs wagtydyr. Olar şeýle aladalardan öňümizdäki hepde saplanyp bilerler. Emma olaryň güýçli durmaklary hökmanydyr. Çünki hemme zat özüňize bagly. Eger-de siz özüňiz güýçli dursaňyz başga-da birnäçe belent maksatlaryňyza  ýetip bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu gün Daluwlara  özleriňiň hereketlerini hem öňünden çaklamak kyn düşer  sebäbi duýgularyňyz size köp zatlara itergi berip biler. Seresaply boluň. Güniň ikinji ýarymynda ýyzdyzlar size  ýakynlaryňyza  wada  bermezligi maslahat berýär  sebäbi siz olary ýerine ýetirip bilmersiňiz we bu ýagdaý gatnaşyklarda ýaramaz täsir eder. 

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün Hutlar öz ýolunyň dogrydygyna hasam ynanarlar  alýan  kararlaryňyz  size üstünlikli habary getirer. Öňüňizde goýan maksadyňyzdan el çekmezligi, tersine oňa ýetmek üçin maksadaokgunly hereket etmelidigiňizi ýyldyzlar duýdurýarlar.

 

Ýene-de okaň

28-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

25-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (24-nji-30-njy noýabr )

24-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama