JEMGYÝET

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Tähranda türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda ministr dostlukly döwletiň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamlar we gowy arzuwlaryny iberdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri, şeýle hem syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, ulag, energiýa, maýa goýumlary, medeni we daşky gurşaw ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýranyň Prezidenti bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly hyzmatdaşlygy berkitmegiň iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýändigini we geljekdäki abadançylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşýandygyny aýtdy.

Taraplar ulag we üstaşyr pudagynda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şeýle hem halkara hem-de sebit başlangyçlarynyň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen halkara maslahatyň geçiriljekdigi bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň halklarynyň bähbidi üçin strategiki hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider