SPORT

“Galatasaraý” topary Türkiýäniň Kubogyny 19-njy gezek gazandy

“Galatasaraý” topary Türkiýäniň Kubogyny 19-njy gezek gazandy. Türkiýäniň Gaziantep şäherinde geçirilen duşuşykda “Galatasaraý” topary “Trabzonspor” toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

“Galatasaraý” toparyna ýeňiş getiren gollary 5-nji minutda Baryş Alper we 46-njy we 63-nji minutlarda Wiktor Osimhen geçirdi.

“Galatasaraý” toparynyň tälimçisi Okan Buruk karýerasynda 2-nji gezek Türkiýäniň kubogyny gazandy. Toparyň düzüminde şu möwsümde goşulan ispan futbolçy alwaro Morato hem türk toparynyň düzümindäki ilkinji kubogyny gazanmak bagtyna eýe boldy.

Toparyň hüjümçisi Wiktor Osimhen iň köp gol geçiren futbolçylaryň biri boldy.

Şeýlelikde, “Galatasaraý” topary 19-njy gezek Türkiýäniň kubogyny gazanyp, bu gurda rekord goýdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”