Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallarda täze başlangyçlar üçin amatly şertler dörär. Işde öňde baryjy bolmak we täze teklipleri öňe sürmek üçin mümkinçilik bolar. Şeýle hem maşgala gatnaşyklarynda durnuklylyk höküm sürer.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin bu gün möhüm gün bolar. Maliýe bilen bagly meseleler göräýmäge ownuk ýaly görünip biler. Emma ünsli we seresap hereket etseňiz hemmezat ýerbe ýer bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Jöwzalaryň bu gün işjeňligi artar. Täze maglumatlary çalt özleşdirip bilerler.Dostlar bilen gatnaşyklarda ýüze çykyp biläýjek düşünişmezlikleri ýuwaşlyk bilen çözmek peýdaly bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Ýyldyzlar bu gün Seretanlardan gözegçiligi talap ederler. Iş bilen bagly meselelerde sabyrly bolmak amatly netijä getirer. Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz ýa-da dostlaryňyz bilen syýahata çykmak amatly bolar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetlerde bu gün döredijilik mümkinçilikleri giňär. Köp adamlaryň ünsüni özüňize çekip bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, býujetde artykmaç çykdajy etmän, hasaply hereket etmek maslahat berilýär.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbülelere bu gün meýilleşdirilen işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin amatlydyr. Işde tertip düzgün we dogryçyllyk size uly üstünlik getirip biler. Güniň ikinji ýarymynda ýyldyzlar size sagylygyňyza dogry seretmegi maslahat berýär.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin bu gün gepleşikler, ylalaşyklar we jemgyýetçilik gatnaşyklary üstünlikli geçer. Şahsy işlerde sabyrly hereket etmek günüň umumy sazlaşygyny güýçlendirer.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akraplaryň energiýasy bu gün ýokary bolup biler . Maliýe meselelerinde täze mümkinçilikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Emma ähli kararlary pikirlenip dogry hereket etmek maslahat berilýär.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslar üçin bu gün döredijilikli başlangyçlaryň wagty. Işiňizde öňegidişlik garaşylýar. Maşgala gatnaşyklarynda düşünişmek günüň sazlaşygyny ýokarlandyrar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler bu gün jogapkärçilikli we möhüm işler bilen baglanyşykly bolarlar. Ünsli bolmak işde ýalňyşlyklaryň öňüni alar. Güniň ikinji ýarymynda özüňize wagt tapmak hem peýdaly bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün Daluwlaryň özlerine bolan ynamy artar. Ýakynlary bilen dynç almak, uzak ýerlere sapara gitmek üçin hem amatlydyr. Güniň ikinji ýarymynda Daluwlar şahsy ýa-da iş meselelerini kärdeşlerine ynanyp bilerler.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlaryň bu gün duýgurlygy ýokarlanar. Käbir meselelerde çuňňur oýlanmak gerek bolup biler. Maliýe ýagdaýynda durnuklylygy saklamak maslahat berilýär.
