SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

28-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                  28-nji  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün Hamallara  içki aň-düşünjäniň artýan döwrüni alamatlandyrýar. Güniň dowamynda esasan iş we jogapkärçilikler bilen bagly meselelerde has seresaply hereket etmek zerur bolup biler. Tiz kabul edilen kararlar geljekde sizi kyn ýagdaýa salyp biler. Maliýe meselelerinde garaşylmadyk çykdajylar ýüze çykyp biler, şonuň üçin býujet deňagramlylygyny goramak maslahat berilýär. Şahsy durmuşda bolsa açyk we anyk aragatnaşyk düşünişmezlikleriň öňüni alar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar üçin bu gün jemgyýetçilik gatnaşyklary we geljek  üçin meýilnamalar öň planda bolar. Dostlaryňyzdan aljak goldawyňyz ruhubelentligiňizi artdyryp biler. Uzak wagtdan bäri pikir edýän  meseläňiz aýdyňlaşyp biler. Iş durmuşynda toparlaýyn işlere üns bermek oňyn netijeleri getirip biler.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün karýeraňyz  we maksatlaryňyz  babatda üns çekiji gün bolup biler. Ýokary ýolbaşçylar bilen geçirjek duşuşyklaryňyzda ölçegli  dogry  hereket etmek möhümdir. Güniň  dowamynda artýan jogapkärçilikler sizi ruhy taýdan ýadadyp biler emma  meýilnamaly hereket etmek peýdaly bolar. Şahsy durmuşda bolsa duýgularyňyzy anyk beýan etmek gatnaşyklarda deňagramlylygy üpjün eder.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün Seretanlar  üçin täze garaýyşlar we täze bir zady  öwrenmäge bolan isleg öň plana çykýar. Bilim, hukuk meseleleri ýa-da syýahat meýilnamalary bilen bagly ösüşler bolup biler. Durmuşa has giň nukdaýnazardan seretmek size gowy täsir eder. Maliýe meseleleriňizde duýdansyz kararlar kabul etmekden saklanmak maslahat berilýär. Maşgala gatnaşyklarynda bolsa ýumşak we parahatçylykly çemeleşme asudalygy artdyrar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün  maliýe meseleleri we çuň duýgular bilen bagly gün bolup biler. Bilelikdäki girdejiler, bergiler ýa-da maýa goýumlary boýunça ünsli bolmak zerur. Duýgy  taýdan geçmiş meseleleri  täzeden gündeme gelip biler. Sowukganlylyk saklamak we ýagdaýlara akyl bilen baha bermek peýdaly bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün Sünbüleler üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar möhüm ähmiýete eýe bolar. Özara düşünişmek we ylalaşyk gatnaşyklarda deňagramlylygy üpjün eder.Şeýle hem  iş hyzmatdaşlyklary bilen bagly täze kararlar kabul edilip bilersiňiz.Güniň ikinji ýarymynda  detallara üns berýän häsiýetiňiz meseleleriňizi  aňsat çözmäge  kömek eder.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün Mizanlar üçin gündelik tertip, iş gurşawy we saglyk meseleleriniň  öň plana çykýan günüdir.Şeýle hem  iş depgini güýçli bolup biler, wagty dogry dolandyrmak möhümdir. Iş ýeriňizde  jogapkärçilikleriňiz  artar we ýolbaşçylar tarapyndan  zähmetiňiz ýokary bahalary  alar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Özüňize üns beriň gahar-gazapdan gaça duruň ýogsam  sizi binjalyk edýän bir topar ownuk kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Ýöne özüňizi bir ýere jemleseňiz, hemme zady çalt başararsyňyz we meýilleşdirilen zatlaryň hemmesini täzeden düzmäge wagtyňyz bolar. Agşamy aladalardan dynmak üçin ýakynlaryňyz bilen wagt geçiriň

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün  maşgala meseleleri  möhüm ähmiýete eýe bolar. Öý bilen bagly tertipleşdiriş ýa-da maşgala agzalary bilen gepleşiklerde düşünşmezlik  bolup biler. Geçmişden galan käbir meseleleriňiz  täzeden garşyňyza çykmak ähtimalygy hem bar. Emma sabyrly çemeleşme asudalygy artdyrar. Maliýe meselelerinde bolsa seresaply hereket etmek peýdaly bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Bu gün Jediler üçin aragatnaşyk örän işjeň bolup biler. Gysga saparlar, duşuşyklar  öň plana çykar.Şeýle hem  pikirleriňizi anyk beýan etmek düşünişmezlikleriň öňüni alar. Iş durmuşynda möhüm habarlary alyp bilersiňiz. Ýakyn adamlaryňyz bilen  gatnaşyklarda düşünşmek peýdaly bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu gün  maliýe meseleleri we şahsy gymmatlyklar öň planda bolar. Girdeji-çykdajy deňagramlylygyny seljermek üçin amatly gündür. Şeýle hem täze gazanç mümkinçilikleri barada pikir edip bilersiňiz. Iş ýeriňizde  üstünlikleri gazanarsyňyz. Şahsy durmuşda bolsa ynam duýgusyny güýçlendirýän gürrüňler bolup biler.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün  Hutlar üçin söýgi gatnaşyklarynda duýgular has çuňlaşýar. Ýakyn adamyňyz bilen aragatnaşykda has açyk bolmak islegi artyp biler. Eger ýüregiňizde aýdylmadyk sözler bar bolsa, bu gün olary  beýan etmek üçin amatly pursatdyr. Käbir  Hutlar üçin gatnaşyklarda ynam we düşünişmek esasy orun tutar  ownuk düşünişmezlikler bolsa gepleşikler  arkaly aňsat çözülip bilner.

Ýene-de okaň

30-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

26-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

25-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama