Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 28 -nji dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Hamallar bu gün öz sözlerine üns bermeli bolarlar. Olaryň özi, gödek sözleriniň kimdir biriniň duýgusyna zyýan ýetirýändigine göz ýetirip bilmez. Mundan başga-da, kimdir biri oňa bu hakda aýtsa, ynanmazlygy-da gaty ähtimal! Şeýle-de bolsa, hakykat hakykatlygynda galýar: hamallar, ýiti diline üns bermeli. Ýogsam, bu onuň gatnaşyklaryna erbet täsir edip biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar bu gün diňe ajaýyp ýerine ýetiriji bolarlar! Olar bu gün başgalaryň isleglerini duýup biler we olary ýuwaşlyk bilen durmuşa geçirip biler. Emma lideriň ýerinde sowurlar özüni oňaýsyz duýup biler: gün başlangyç etmäge we netijäniň jogapkärçiligini öz üstüňe almaga oňaýsyz däldir. Şonuň üçin sowur başlygynyň bu gün edip biljek iň gowy zady, dynç almakdyr. Dynç alýan wagty bolsa, sowurlaryň gol astyndakylar köp zady täzeden işlemäge wagt taparlar!
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Ýyldyzlar jöwzalara pikirlenmegi maslahat berýärler. Belki, gündelik işden bizar bolansyňyz, haýsydyr bir üýtgeşiklik etmek isleýänsiňiz. Bu ýagdaýda jöwzalar gaýduwsyzlyk toplamaly we töwekgelçilik etmeli. Bu gün, durmuşa üýtgeşmeler girizmek üçin gaty amatly. Global üýtgeşmeler we ähmiýetli täzelenmeler bolup biler. Täze tarapa ädim ätmekden gorkmaň, ýogsam düýnki güne uzak wagtlap ýapyşmak howpy abanýar!
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlaryň üstünlik gazanmagynyň açary “Bilim güýçdir!” diýen şygar bolar. Seretanlar hünär işjeňliginde öňe gitmek üçin ussatlygynyň çägini nädip ýokarlandyrmalydygy hakda pikirlenmeli. Seretanlaryň okuw kurslaryna gitmegi, öz-özüni terbiýelemegi ýa-da has tejribeli ussatlara az wagtlyk hem bolsa, şägirt bolmaklary gowy bolar. Ýyldyzlar ýakyn wagtda seretanlar näçe köp bilim alsa, olara şonça-da täze gapylaryň açyljakdygyny wada berýär.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetleriň güni maglumat gözlemek we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly bolar we bu maglumatlary dürli çeşmelerden alyp bolar! Belki, esetler maglumatlaryň bir bölegini ensiklopediýalardan, beýleki bölegini sosial ulgamlardan, üçünji bölegini töweregindäki adamlardan öwrener we dördünji bölegi onuň çaklamalary bolar. Ýöne bu ony bulaşdyrmaly däldir: näçe köp maglumat bolsa şonça gowy!
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler bu gün hemme zada gaty berk we ýiti baha bererler. Bu bolsa, onuň kabul eden kararlaryna we beýlekiler bilen gatnaşyklaryna täsir eder. Bu gün, möhüm meselelerde sünbülelere ýüz tutmazlyk has gowudyr. Hatda ýönekeý, ähmiýetsiz meselelerde hem sünbülelerden degerli maslahat almak bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Mizanlaryň işewürlikde üstünlik gazanmagynyň açary, olary goldaýan adamlardyr. Ýalňyzlykda mizanlar meýilleşdiren zatlarynyň ujypsyzja bölegini hem etmez, ýöne pikirdeş adamlara bil baglap, meýilnamany ýerine ýetirip bilerler! Mundan başga-da, mizanlar özlerine wepaly adamlaryň arasynda, hatda asla garaşmadyk adamlaryny hem tapyp biler. Maslahatlaryny diňlemek we goldaw soramak bilen, mizanlar islendik, hatda iň kyn meseläni hem ygtybarly ýeňip geçip bilerler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Akraplaryň güni başagaý we aladaly, ýöne öndürijilikli bolar. Ylgap, derlemeli bolarlar, ýöne şol bir wagtyň özünde özüni iň gowy tarapdan telekeçilikde görkezip bilerler. Bu zatlaryň ahlisi ahyrsoňy akraplaryň durmuşyny has gowulaşdyrmaga kömek edip biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Kowuslar sözüň doly manysynda üstünlik gazanarlar! Onuň içerki sazlaşykly ýagdaýy we özüne bolan ynamy töweregindäkileriniň gözünde has gowy tarapdan görünmegine ýardam berer. Kowuslaryň etmeli ýeke-täk zady sada bolmak. Daş-töweregiňizdäkilere näme edip biljekdigiňizi we nämäniň gadyryny bilmelidiklerini görkeziň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Häzirki wagtda jediler gündelik işlerde üstünlik gazanarlar, ýöne ähli zada döredijilikli çemeleşmelidirler. Iň çylşyrymly ýerlerde hem jediler yhlasly çemelesmegi başararlar, bu bolsa onuň gündelik durmuşyny açyk reňklere öwürer. Ýöne uly taslamalardan we işlerden daşda durmak has gowudyr – bu wagt jedileriň pikiri globalizmde tapawutlanmaýar we möhüm bir zady ýitirmek howpy abanýar. Ýagdaý çalt üýtgäp başlasa we aýgytly hereket etmegi talap etse, jediler bu meseläni dowam etdirip bilmez.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Daluwlar, hünär derejesini ýokarlandyrmak we täze gözýetimler bilen baglanyşykly ähli işlerde üstünlik gazanarlar! Ýyldyzlar jedilere okamagy, kurslara gatnamagy, täze güýmenje tapmagy ýa-da entek ýok ýerlere baryp görmegi maslahat berýärler. Bu gün daluwlar okamagyň hakykatdanam ýeňildigine göz ýetirerler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlara häzir azajyk dynç almagyň wagty geldi. Maşgala dynç alyşyna, tebigata gezelençlere wagt beriň, ýöne saglygyňyza-da syn ediň. Bu gün hutlara täze başlangyçlara başlamazlyk we karz bermezlik maslahat berilýär.